1-nji Sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlar güni

Her ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk çärelerine giň gerim berildi. Bilim ojaklarynda kakylan ilkinji jaňlar täze - 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlady. Gözel Diýarymyzyň ertirki eýeleri boljak ýaş nesiller ýurduň ösüş binýadyny berkitmekde hem-de Watanymyzyň öňdebaryjy dünýä döwletleriniň hataryndaky ornuny müdimilik saklamagyny gazanmakda alnyp barylýan bimöçber işlere özleriniň goşantlaryny goşýarlar. Ýurduň ösüşi we döredijiligiň ýoly bilen mundan beýläk-de öňe gitmegini üpjün etmäge gönükdirilen bu möhüm resminama jemgyýetiň ösüşini şertlendirýär. Çünki ylym-bilim ulgamyny belent sepgitlere ýetirmek hem-de ylymyň dürli ugurlaryndan baş çykaryp bilýän kämil ýaşlary, ussat hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmek döwletiň hemmetaraplaýyn ösüş binýadyny gurýar. Şu nukdaýnazardan hem, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylym-bilime erk edip bilmeklerini gazanmak üçin ençeme mümkinçilikler we oňyn şertler döredilýär. 

Ösen aň-düşünjeli, ukyp-başarnykly ýaşlary kemala getirmek, sanly bilim ulgamyny kämilleşdirip, ony durmuşymyza giňden ornaşdyrmak babatynda ähli tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.  

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655