Gahryman Arkadagymyzyň öwütleri, ýaşlar üçin nusgalyk ýol ýörelge.
Ählimize mälim bolşy ýaly, 2-nji sentýabr talyp ýaşlaryň we mekdep okuwçylary üçin ýatdan çykmajak şanly seneleriň biri boldy. Ýagny, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli 2-nji sentýabrda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy okuw sapagy ýaşlaryň ykbalynda möhüm waka boldy. Milli Liderimiziň 2026-2027-nji, täze okuw ýylynyň ilkinji gününde bagtyýar türkmen ýaşlaryna geçen umumy okuw sapagy çuňňur many-mazmuna baý bolup, ýaş nesillerimiziň her biriniň kalbynda ýakymly täsirleri galdyrdy hem-de olaryň baýramçylyk şatlygyny artdyrdy. Bu umumy sapakda Milli Liderimiz ýaşlaryň bilim kämilligi, iş tejribeleri, şu güni, ertiri we aýdyň geljegi barada düýpli öwüt ündew berdi.
Maslahatyň soňunda oňa gatnaşyjylar güneşli Diýarymyzy bagtyýar nesilleriň iň arzyly arzuwdyr islegleriniň hasyl bolýan mekanyna öwren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.