“Dünýä syry kitap bilen açylýar”

 Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň 9-njy çagalar bakja-bagynyň bilelikde guramagynda “Dünýä syry kitap bilen açylýar” atly söhbetdeşlik geçirildi. 

 Söhbetdeşlikde Arkadag şäheriniň 9-njy çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpejeler kitaphanamyzyň çagalar üçin okalga otagyna geldiler. Bu ýerde çagalar üçin niýetlenen sergilerimiz bilen tanyş boldular. Çaga durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolan kitaplar bilen tanyşdylar. Kitap tekjelerinde ýerleşdirilen körpe nesilleriň okamagy hem-de diňlemegi gowy görýän eserleriniň biri bolan ertekileri, hekaýalary uly höwes bilen synladylar. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň kitaphanaçylary çagalar üçin ýörite ertekili kitaplary okap berdiler we körpeje nesillerimiz uly höwes bilen diňlediler. Türkmen halk ertekileri körpeler üçin örän ähmiýetli bolup durýar. Çünki ertekilerdäki gahrymanlar, olaryň ýagşylyklary körpeje ýaş nesillerimiziň watansöýüji, ilhalar ýaş nesili kemala getirmek oňat işleri bitirmek ýaly ýörelgeler hem terbiýeçilik ähmiýetlidir. 

 Söhbetdeşligiň ahyrynda watansöýüji, ilhalar ýaş nesili kemala getirmekde giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler. 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655