“Gahryman Arkadagymyzyň öwüt nesihatlary ýaşlarymyza görelde”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Arkadag şäher häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Gahryman Arkadagymyzyň öwüt nesihatlary ýaşlarymyza görelde” atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçiren umumy okuw sapagyndan gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek maksady bilen “Gahryman Arkadagymyzyň öwüt nesihatlary ýaşlarymyza görelde” atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Maslahatyň dowamynda taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan okuw sapagyna gatnaşmak hem-de Milli Liderimiziň ýaşlara beren öwüt-ündewlerini diňlemek bagtynyň miýesser eden pursady mundan beýläk-de kämil nesilleri ýetişdirmäge iňňän jogapkärli çemeleşmek baradaky pikirleri has-da pugtalandyrdy. Sebäbi asly halal türkmeniň milli ýörelgelerinde nesil terbiýesi, olary ylymly-bilimli, watansöýer, zähmetsöýer adamlar edip ýetişdirmek meselesi düýpli kök urupdyr.
Maslahatyň ahyrynda ýurdumyzda häzirki wagtda ýaşlara halkara derejesinde bilim-terbiýe bermäge, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, durmuş, medeni, ruhy we beden taýdan ösüşine ýardam etmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.