"Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy"
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Arkadag şäheriniň 9-njy çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň esasy maksady ösüp gelýän ýaş nesillere ýol hereketiniň düzgünlerini öwretmekden, olarda jemgyýetçilik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň medeniýetini kemala getirmekden ybarat boldy. Çäräniň dowamynda şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edilip, çagalar bilen sowal-jogap alşyldy.
Şeýle duşuşyklaryň, wagyz-nesihat çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi çagalara ýol hereketi bilen bagly kadalary öwretmäge, şeýle hem olaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmegine uly itergi berýär. Biz — kitaphana işgärlerine halal zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz bimöçberdir. Goý, ylym-bilimli ýaşlary kemala getirmekde belent maksatly işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!