“Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäher häkimligi, Arkadag teleýaýlymy, Arkadag şäheriniň Medeniýet müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Çäräniň dowamynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmak halkymyzyň bagtyýarlygyna badalgadyr. Her ýylyň sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly bir aý raýatlarymyzyň ömrüniň howpsuzlygynyň kepili bolan ýol hereketiniň kadalarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini gazanmaga gönükdirilendir. “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” bir aý yglan edilmegi bilen ýol – ulag hadysalarynyň, şikes almalaryň sanynyň mese – mälim azalýandygy duýulýar. Sürüjilerde-de pyýada ýolagçylarda-da ýol hereketiniň düzgünlerine jogapkärli garamak endigini terbiýeleýändigi görünýär. Ýurdumyzda giň gerimde geçirilýän halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işler halkymyzyň bagtyýar geljege bolan ynamyny berkidýär.
Çäräniň ahyrynda bolsa bize ruhybelent ýaşamak, belent maksatly işlemek, türkmeniň ata–baba halallyk ýörelgesini dowam etdirmek üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarmyza hoşallyk sözleri aýdyldy.