“Garaşsyzlygyň waspy ýaş nakgaşlaryň eserinde”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi, Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda “Garaşsyzlygyň waspy ýaş nakgaşlaryň eserinde” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. Her bir güni uly ösüşlere şanly senelere beslenýän, diýarymyz ösýär, özgerýär. Garaşsyz hem hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hökmünde Ýer ýüzünde meşhurlyga eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda, dünýä ýüzünde durmuş-ykdysady taýdan barha ösýän, ägirt uly mümkinçilikleri bolan, kuwwatly häzirki zaman döwleti hökmünde giňden tanalýar. Söhbetdeşlikde, halkymyzyň saýlap alan Bitaraplyk ýoly türkmen halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýoludyr, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynamly we üstünlikli dowam etdirýän parahatçylyk söýüjilikli syýasatydyr. Goý, bu ajaýyp ýoluň, paýhasly syýasytyň dowamaty dowam bolsun.