Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly gepleşik.
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sazçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly gepleşik geçirildi.
Gepleşigiň dowamynda Garaşsyzlyk şapagyny garşylap, özbaşdaklygyna gowşan türkmen halkynyň gülleýän, gül açýan gözel diýarymyz öz taryhyndaky beýik baýramçylyga – mukaddes Garaşsyzlygynyň toýuny uly dabaralar bilen garşylaýan döwründe, ýakymly pursatlary başdan geçirýändigi barada durulyp geçildi. Garaşsyzlyk berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek we öňde goýulan belent wezipeleri
üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekýän halkymyzyň ruhuny belentliklere göterýär.
Gepleşigiň ahyrynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny halkara derejesinde täze mertebä göteren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!