“Türkmenistan ata mekan ýurdumyzda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde gurnamagynda “Türkmenistan ata mekan ýurdumyzda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde häzirki döwürde Türkmenistan dünýäniň abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar. Bu günki gün Türkmenistan parahatsöýüjilikli, ynsanperwer ýörelgeleri öňe sürmek bilen dünýä jemgyýetçiliginde mynasyp orunlaryň birini eýeleýär.
Garaşsyzlyk biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. 1991-nji ýylyň tylla güýzünde ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe boldy. Bary-ýogy 35 ýylyň içinde Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Asmanymyzyň asudalygy, gündizleriň we gijeleriň parahat geçýändigi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren peşgeşi bolup durýar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny baky bagtyýarlygyň gujagynda ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.