“Garaşsyzlygyň altyn ýoly”

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda “Garaşsyzlygyň altyn ýoly” atly söhbetdeşlik geçirildi. 

Söhbetdeşligiň dowamynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde her bir günümiz toýdur-baýramlara beslenýär. Ýene sanlyja günden agzybir halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesini uludan toýlar. Ýurdumyzyň ähli künjeginde bu şanly waka mynasybetli dabaralar yzygiderli geçirilýär. Ine, şeýle dabaralaryň biri hem Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebinde geçirildi. Sungat dünýäsine ilkinji ädimlerini ädýän ýaş nesillerimiz Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna bagyşlanan aýdymdyr, sazlary ýerine ýetirdiler we çagalaryň çeken suratlarynyň sergileri bilen tanyşdyrdylar. 

Söhbetdeşligiň ahyrynda, şeýle ajaýyp şäherde ýaşamaga, okamaga, saýlap alan hünärlerini kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza eşretli durmuş üçin köp alkyş sözleri aýdyldy.





Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655