“Garaşsyzlygymyzyň saýasynda”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda “Garaşsyzlygymyzyň saýasynda” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Garaşsyzlyk biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi, ol bu gün iň ýokary münberlerden dünýä ýaň salýar. Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsyzlygy pugtalandyrmak, durnukly ösüş maksatlary netijeli durmuşa geçirilýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ylym-bilim ulgamynda ýetilen sepgitler dogrusynda Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary giňişleýin gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýetip gelýän Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk şanly toýy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de ýurdumyzyň bagtyýar halkyny tüýs ýürekden gutladylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz mundan beýläkde gülläp össün!