“Milli gymmatlyklarymyza beýik sarpa”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda “Milli gymmatlyklarymyza beýik sarpa” atly sergi gurnaldy.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, olary wagyz etmek we geljekki nesillere ýetirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren ajaýyp kitaplarynda hem milli gymmatlyklarymyzyň, medeni mirasymyzyň köp öwüşginli belent beýany ussatlyk bilen açylyp görkezilýär. Bu ajaýyp hem gymmatly atalyk kitaplar milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda, geljekki nesillere ýetirmekde bahasyna ýetip bolmajak gollanmadyr.
Milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda atalyk aladasyny edýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!