“Halk maslahaty jebisligimiziň synmaz sütüni”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň “Arkadag” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda “Halk maslahaty jebisligimiziň synmaz sütüni” atly söhbetdeşlik.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda her bir günümiz bedew bady bilen has ynamly öňe barýar. Mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuny jebislikde, ruhybelentlikde, uly dabaralar bilen garşy alýar. 23-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde geçirlen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem şanly toýuň öňsyrasynda taryhy ähmiýete eýe bolup, geçirilen ýola ser salmagyň, geljek üçin täze gözýetimler açmagyň möhüm pursadyna öwrüldi. Beýik işler elmydama adamlaryň göwünlerini ganatlandyrýar, geljegine şugla saçýar. Döwletli geňeş merdana halkymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerinden ruhlanyp, yhlasly, döredijilikli, tutanýerli zähmet çekýändigini, abadan hem-de bagtyýar ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýandygyny äşgär etdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözler aýdyldy. Şeýle ajaýyplyklary mümkinçilikleri döredip beren döwrebap şäherde ýaşamaga işlemäge halal zähmet çekmäge uly ýardam berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!