Hatyra güni
Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesiniň pidalaryny, hem-de ähli uruşlarda söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary ýatlamak, parahat söýüjilik, watan söýüjilik, dostluk, raýdaşlyk baradaky garaýyşlary hasda rowaçlandyrmak nesillerden asudalygyň, watan söýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent duýgularyny dabaralandyrmak maksady bilen 6-njy oktýabr hatyra güni mynasybetli Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher orta hünär okuw mekdebindäki Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül goýmak çäresi ýokary derejede we guramaçylykly geçirildi.
Bize taryhymyzy öwrenmäge, edermen gahrymanlarymyzy ýatlamaga mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözler aýdyldy. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!