“Saglyk bolar- durmuşyň göz başy”
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşly döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň her bir güni toý baýramlara şanly senelere beslenýär, hem-de taryhy wakalara eýe bolýar. Arkadag şäher Köpugurly hassahanasynda hem “Saglyk bolar-durmuşyň göz başy” ady bilen maslahat geçirildi, şol maslahatda hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan eserlerinden kitap sergisini gurnadylar. Maslahatyň dowamynda maslahata gatnaşan ähli lukmanlar hem-de hassahana gelen ildeşlerimiz sergini höwes bilen synladylar we kitaplaryň sahypalaryny açyp içindäki adam saglygy baradaky gyzykly temalary okadylar. Şu pursatdan peýdalanyp bize şeýle eşretli zamanany döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys, goý olaryň janlary sag ömürleri uzak, alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!