“Dünýä syry kitap bilen açylýar”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag şäheriniň 10-njy çagalar bagynyň bilelikde guramagynda “Dünýä syry kitap bilen açylýar” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Körpelerde gowy gylyk-häsiýetleriň kemala gelmeginde kitaplaryň, oýunlaryň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Çagalar kiçiliginden erteki diňlemäge höwesli bolýarlar. Ata-eneler, terbiýeçiler çaganyň bu islegini nazarda tutup, oňa terbiýe, öwüt-ündew beriji ertekileri okap bermelidir. Olar entek köp zada düşünmese-de, ertekide beýan edilýän wakalary ýadynda saklaýarlar. Çagalar üçin kitap saýlanyp alnanda, olaryň suratlar bilen bezelişiniň aýratyn ähmiýeti bar, sebäbi çaga eline kitap alanda, ilki bilen, onuň içindäki suratlara seredýär. Şol şekiller çaganyň ünsüni özüne çekýär we kitaby okamaga bolan gyzyklanmasy, höwesi artýar. Olara okaýan kitaplarynyň sanynyň gün-günden artýandygyny görkezip, höweslendirip durmaly. Şunda çagalaryň belli bir wagtdan soň kitap okamaga bolan endigi kämilleşmäge başlaýar. Şonuň ýaly-da, kitaplaryň üsti bilen çaganyň söz baýlygy artýar, aň-düşünjesi giňelýär, köp zatlara akyl ýetirýär. Esasan-da, bilimi, edep-terbiýesi ýokarlanýandygy barada körpeje okyjylara giňişleýin gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp alkyşlar aýdyldy.