“Çary Baýryýewiň ömür ýoly nesillere nusgalyk”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda “Çary Baýryýewiň ömür ýoly nesillere nusgalyk” söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Çary Baýryýew–tanymal türkmen alymy, lukmançylyk ylymlarynyň professory we hirurgi. Ol ömrüni Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny we lukmançylyk ylmyny ösdürmäge bagyşlan şahsyýetleriň biridir. Çary Baýryýewiň ömri döredijiligi geçen manyly ömri hakynda gyzykly gürrüňleri egindeşleri hem-de şägirtleri uly höwes bilen ýatlap, gyzykly gürrüňler bilen söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda şahsyýetlerimizi sarpalap, hormatlaýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp alkyşlar aýdyldy.