«Kitaphanalar-paýhas öýi»

  Halkymyzyň arasynda ylym-bilim, hünär öwrenmek bilen birlikde kitaba aýratyn uly hormat-sarpa goýulýar. Şonuň üçin hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli kitaphana ulgamy barha kämilleşdirilýär. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, olary kämil şahsyýetler edip ýetişdirmekde uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, kitaplar geçmişde ýaşan ata-babalarymyzyň taryhy paýhaslaryny, tejribelerini, häzirki döwürde gazanylan üstünlikleri we olara eltýän ýollary özünde saklap, okyjylara dogry ýola gönükdiriji sapak berýärler. 

  Täze taryhy döwrümizde kitaphana ulgamynyň döwrüň talabyna laýyk ýola goýulmagy, oňa sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, okyjylara ýokary hilli kitaphana hyzmatlarynyň hödürlenilmegi halkymyzyň aň-bilim, medeni derejesini ýokarlandyrmakda möhüm orna eýedir. Şeýle hem döwrebap kitaphanalaryň çäginde asman jisimlerini ylmy esasda öwrenmäge niýetlenen obserwatoriýalaryň gurulmagy olaryň ähmiýetini has-da artdyrýar. 

 Sebitde deňi-taýy bolmadyk “akylly” şäherde ýerleşýän Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy kitaplaryň baý gory bilen tapawutlanýar. Bu ýerde ýaş nesilleriň okamaklary, öwrenmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. 

  Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar-Watanyň daýanjy» atly gymmatly eserinde kitap okamagyň peýdasy hakynda şeýle diýilýär: «Biziň halkymyz kitaba sarpa goýýan halk. Kitap okalyp, onuň mazmuny köpçülige ýetirilen soň, ol ruhy baýlyga öwrülýär. Kitapdan okalan, öwrenilen gymmatly bilimler hem terbiýäniň üsti bilen geljekki ýaşlara geçirilýär». Elbet-de, bilim bilen terbiýe bir bitewilige eýe bolup, bahasyz baýlyga, ruhy gymmatlyga öwrülýär. 

  Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzda çagalaryň okalga zaly hereket edýär. Bu ýerde okyjylaryň kitap okamagyna uly şertler döredilip, olaryň ýaşyna laýyklykda dürli görnüşli kitaplar bar. Gyzykly ertekilerdir çagalar üçin ýazylan powestleriň owadan, täsirli suratlar bilen bezelmegi körpeleriň ünsüni özüne çekýär, hem-de olary kitap okamaga höweslendirýär. Biz-kitaphana işgärleri bu ýere gelýän höwesli çagalara olary gyzyklandyrjak kitaplary saýlap berýäris, hem-de okan kitaplary boýunça gürrüňdeşlik geçirýäris. Döwrebap kitaphanamyza başlangyç synp mekdep okuwçylary bilen birlikde dürli çagalar baglaryndan hem körpejeleriň kitap okamaga gelmegi bizi has-da buýsandyrýar. 

  Kitaphanamyzyň agzybir işgärleri bolup çagalaryň hem-de ýaşlaryň arasynda birnäçe çäreleri hem-de bäsleşikleri geçirýäris. Şeýle çäreleriň geçirilmegi ösüp gelýän ýaş nesilleri kitap okamaga höweslendirmäge uly ýardam berýär. Çagany ýaşlykdan haýsy ugra gönükdirseň, ol ulalanda hem şoňa ýykgyn edýär. Şonuň üçin-de çagalary kiçilikden kitap okamaga gyzyklandyrsak, geljekde olaryň kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegine uly goşant goşdugymyz bolar. Kitaphanamyzda ýerleşýän çagalaryň okalga zaly hem körpeleri başlangyç bilimleri öwredýän kitaplar bilen tanyşdyryp, olary aýdyň ýola atarýar. Çeper eserlerdir, gyzykly ertekiler olaryň dünýägaraýşynyň giňemegine kömek edýär. Sebäbi, dünýäde kitap deýin mährem dost ýokdur. 

  Ýurdumyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda kitaphanaçylyk işine hem sanly ulgamy ornaşdyrmak belent depginde alnyp barylýar. Bu bolsa okyjylara islendik kitabyň elýeterli bolmagyna hem-de gerekli eserleri çalt tapmaga mümkinçilik berýär. Nusgawy şahyrymyzyň adyny uly buýsanç bilen göterýän Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzda hem elektron kitaphana ulgamy döredilip, bu ýerde dürli kitaplary we gündelik metbugat neşirleri elektron görnüşinde okamak bolýar. Şonuň üçin hem kitaphanamyza gelýän ýaş okyjylaryň esasy bölegi elektron neşirlerden giňden peýdalanýarlar. Munuň özi ýaşlaryň innowasion tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş alyp çykmagynda has-da ähmiýetlidir. 

   Arkadag şäherinde ýerleşýän ajaýyp kitaphana her bir adama giň gujak açýar. Bu ýerde döredilen şertleriň we mümkinçilikleriň ählisi ýaş nesillerimiziň ylym-bilimli, ussat hünärmenler bolup ýetişmegi üçin döwlet derejesinde edilýän aladanyň aýdyň mysalydyr. Çünki döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir. 

  Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy:  Laçyn Halnepesowa 

  Güneş zurnaly                         

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655