“Guşlaram baglarda jagyl-da-jugul”
Bahar paslynyň gelmegi bilen agaçlar pyntyk ýaryp, türkmen sährasy ýaşyl donuny geýip, al-elwan güllere bürenýär. Täzeden jana gelýän tebigatyň goýnunda täze sahypa ýazylyp başlanýar. Adamlar pasyllar soltany bahara belent ruh, joşgunly ylham bilen gadam basýar. Baglarda guşlaryň mahmal owazy, hoşboý ysyny dünýä ýaýýan älemgoşar mysaly gülleriň üstüne kebelekleriňdir bal arylarynyň gonmagy, säheriň mylaýym howasy bahar buşlukçylary hasaplanýar.
Bu ajaýyp görnüşi synlanyňda Gurbannazar Ezizowyň bahary suratlandyrýan goşgy setirleri ýadyňa düşýär:
Durna, jümjümeli, älemgoşarly,
Ülkäme toý bolup gelen, ýazlarym,
Edepli-ekramly gunduz goşarly,
Bäs edişdiň gyzlar bilen, ýazlarym.
Şahyryň şygrynda beýan edilişi ýaly, baharda erikleriň, şetdalydyr almalaryň owadan, reňbe-reň gülleri, ýaşyl maýsalaryň jana şypaly ysy bark urýar. Şol pursat bolsa ýüreklerimiz joşgundan, ylhamdan, hyjuwdan pürepürlenýär.
Öňki döwürlerde çarwadar ata-babalarymyz baharda ýazlaga çykypdyrlar. Bahar baýramynda ýaş-juwanlaryň hiňňildikde uçmagy, küşt depmegi, gyz-gelinleriň läle kakmagy, monjugatdy aýtmagy, owlak-guzularyň arasynda şolar bilen deň bökjekleşýän körpejeleriň şat gülküleri ýylyň bu möwsümini hakyky toýa öwrüpdir. Bularyň ählisi bahar paslynyň ynsana bagyş edýän şatlygy. Bu görnüşlere şaýat adamyň kalbynda nusgawy şahyrymyz Abdylla Şabendäniň şeýle setirleri gaýtalanýar:
Açylypdyr bagda güller,
Saýraşar şeýda-bilbiller,
Müşki-anbar kokar ýeller,
Meger, begler, bu jennetdir.
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy: Laçyn Halnepesowa