Çagalar — durmuşymyzyň gül-gunçalary

Täze taryhy döwrümizde ata-babalarymyzdan gelýän dost-doganlyk, agzybirlik,
mätäje hemaýat bermek ýaly ynsanperwer ýörelgelerimiz täze ruhda, döwrebap
mazmunda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şoňa görä-de, ösüp gelýän ýaş
nesilleriň sagdyn, ylym-bilimli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda edilýän
tagallalar döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Çünki
durmuşymyzyň gül-gunçalary, röwşen geljegimiziň eýeleri bolan çagalaryň
bagtyýarlygyny üpjün etmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Şu
jähetden, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilip, bu ugurda giň
gerimli işleriň alnyp barylmagy eziz Diýarymyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna
öwürýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, mähriban çagalarymyzyň şadyýan gülküleri biziň iň uly bagtymyzdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli işlerini üstünlikli dowam
etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Watanymyzda
sagdyn, bagtyýar çagalygy üpjün etmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu
bolsa halkymyzyň şöhratly pederlerimizden gelýän milli ýörelgelerimize
ygrarlydygyny äşgär edýär. Şoňa görä-de, çagalaryň bagtyýarlygyny, ýaş nesliň
sagdyn kemala gelmegini üpjün etmekde döredilenine 5 ýyl bolýan Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasyna möhüm orun degişlidir. Gaznanyň döredilen gününden bäri
saglygy goraýyş merkezlerinde howandarlyga mätäç näsag çagalara ýüzlerçe
operasiýalaryň geçirilmegi, şeýle hem gaznanyň goldaw bermeginde dürli
ýurtlaryň çagalaryna ynsanperwerlik ýükleriniň ugradylmagy aýratyn
bellärliklidir.

Hormatly Prezidentimiz: «Mähriban çagalarymyz
we ýaşlarymyz arkasynda dag ýaly döwletimiziň durandygyny, olaryň geljegi
hakyndaky aladalaryň bir pursat hem ýatdan çykarylmaýandygyny duýup
ýaşamalydyrlar» diýip belleýär. Sebäbi çagalar — bagtyýar döwrümiziň merjen
däneleri, geljekde eziz Diýarymyzy gülledip ösdürjek şahsyýetler bolup durýar. Mähriban
çagalarymyz hem-de ýaşlarymyz babatda alnyp barylýan her bir işler döwletimiziň
berkararlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda edilýän aladalardan habar berýär.
Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat
bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýurdumyzda çagalaryň saglygyny
goramakda, olaryň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalardan
ussatlyk bilen baş çykarýan şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda alyp barýan
işleri aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Ýeri gelende bellesek, şanly wakalara
beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda gaznanyň döredilmeginiň 4
ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna
halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň geçirilmegi çagalar babatda
halkara hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürilmegine uly goşant goşdy. Bu bolsa
çagalaryň sagdyn, bagtyýar ösüşini gazanmakda dünýä jemgyýetçiligi bilen
bilelikde tagallalaryň durmuşa geçirilmegine hem-de bu ugurda agzybirlikde täze
üstünliklere ýetmäge uly itergi berýär.

Çaganyň saglygyny goramak,
maşgalada we jemgyýetde çaga terbiýesi, bilimi, onuň fiziki, akyl
mümkinçilikleriniň has giňişleýin açylmagy bilen baglanyşykly wezipeleri ýerine
ýetirmäge toplumlaýyn çemeleşmä degişli meselelere garamagy maksat edinen bu
halkara maslahatda çagalaryň bagtyýar we sagdyn ösüşini üpjün etmek bilen
baglanyşykly möhüm meselelere garalmagy ata Watanymyzyň bagtyýar çagalygyň
mekanydygyny nobatdaky gezek subut edýär. Şeýle hem ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirilen halkara forumyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol
çekilmegi çagalar babatda halkara hyzmatdaşlygyň barha pugtalandyrylýandygyny
alamatlandyrýar. Häzirki wagtda gaznanyň Türkmenistanyň halkara ynsanperwer
hyzmatdaşlygyna, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň giň gerimli we uzak
möhletleýin strategiýalarynyň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine işjeň
gatnaşýandygyny, şolaryň hatarynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün
tertibiniň — Durnukly ösüş maksatlarynyň aýratyn orun eýeleýändigi hem bulary
bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Saglyk — ynsanyň baş baýlygy,
bagtyýarlyga ýetirýän ýoldur. Hususan-da, çagalaryň saglygyny goramak we ýüze
çykýan keselleriň öňüni almak esasy wezipelerimiziň biridir. Bu ugurda
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan näsag çagalaryň saglygyny dikeltmek
babatda çylşyrymly operasiýalaryň geçirilmegi, iň häzirki zaman saglyk
enjamlarynyň ýurdumyzyň ençeme hassahanalaryna ornaşdyrylmagy ugrunda saldamly
işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda «Sagdyn çagalar — sagdyn ýurt», «Enäniň
saglygy — çaganyň saglygy» atly milli şygarlarymyza laýyklykda, BMG-niň
ýurdumyzda işleýän edaralary bilen eneligi we çagalygy goramak, zenanlaryň
nesil saglygy, çaga lukmançylygy, bilimi, çagalara durmuş hyzmatlaryny bermek
meselelerinde giň hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagy jemgyýetimiziň esasy
gymmatlygy bolan raýatlaryň saglygynyň aýratyn üns merkezinde saklanýandygynyň anyk
subutnamalarydyr. Şeýle hem bular Diýarymyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň,
Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji
ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň, Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş
çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň üstünlikli durmuşa
geçirilýändigini aýdyň görkezýär. Şoňa görä-de, bu maksatnamalary durmuşa
geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan giň gerimli işler dünýä jemgyýetçiliginiň,
şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň öňdebaryjy düzümleriniň —
BSGG-niň, BMGÖM-niň, ÝUNISEF-niň we beýlekileriň ýokary bahasyna mynasyp
bolýar.

Çagalaryň gülküsini iň ajaýyp
sena deňeýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de çagalaryň sagdyn
ösüp ulalmaklary, ylym-bilimli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin giň
mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Goý, Milli Liderimiziň hem-de
döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzyň nurana geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesiller
babatda alyp barýan beýik maksatly
  işleri
hemişe rowaçlyklara beslensin! Türkmenistan Watanymyzda çaga gülküleriniň sesi
bagtyýarlygyň, ösüş-özgerişlerimiziň nyşany bolup, elmydama belentden ýaňlanyp
dursun! 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655