Bedewiň buýsançly beýany.


   Türkmen halkynyň bedew ata bolan söýgüsi örän aňyrdan gaýdýar. "Ertir turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy’’, ‘’Atym bar – ganatym bar’’, ‘’Atdyr ýigidiň ganaty’’, ‘’At ýaryşda, är – söweşde’’, ‘’At - ýigidiň ýoldaşy’’ diýen nakyllardyr atalar sözlerinden hem mälim bolşy ýaly, bedew atlar halkymyzyň geçmiş durmuşynyň iň bir aýrylmaz gymmatlyklarynyň biri bolup durýar. Halkymyzyň bu behişdi jandarlara bolan çyn söýgüsiniň we irginsiz yhlasynyň netijesinde bolsa, baryp-ha gadymy grek taryhçylarynyň eserlerinde  ‘’asman atlary’’ diýlip taryplanan ahalteke bedewleri seýislenip ýetişdirildi. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleri netijesinde häzirki wagtda hem halk seçgileri we seýisler ahalteke bedewi ýaly ajaýyp sungaty döredip, arassa ganlylygyny saklamak bilen, olaryň kämilleşdirilmegini dowam etdirýärler. Gadymyýetden gözbaş alyp gelýän atşynaslyk ýörelgeleri asyrlarboýy nesilden nesle geçirilip, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen, onuň taryhy ykbalyny kesgitlän ajaýyp mirasyna aýawly çemeleşmegiň şöhratly ýoly dowam etdirilýär. 

  Müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen her bir medeni gymmatlygymyz halkymyzyň milli edebiýatynda öz beýanyny aýdypdyr. Şonuň üçin-de türkmen edebiýatynyň ähli döwürlerinde hem behişdi bedewlerimiziň waspy belentden dabaralanýar. Muny ümmülmez halk döredijiligimiziň we baý nusgawy edebiýatymyzyň mysalynda hem görmek bolýar. Bu babatda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz ‘’Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz’’ atly kitabynda: ‘’At – türkmen üçin hemme zat. Bu geçmişde-de, şu günlerem şeýle. Ol barada müňlerçe nakyllar we atalar sözi döredildi, ol dilden aýdylýan ählihalk döredijiliginiň gahrymanyna öwrüldi’’ diýip ýazýar. 

   Şanyna dessanlar düzülip, atarmanlykda, çaparmanlykda ýakasyny tanadan Görogly beg öz Gyratyny: ‘’ Syrdaşym, başdaşym, ýaman günümde ýoldaşym!’’, "saňa ‘’at’’ diýmerin, ‘’gardaş’’ diýerin!’" diýip söýgüläpdir. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy hem öz şygyrlarynda bedew atlaryň türkmen durmuşunda tutýan ornuny öwran-öwran nygtaýar, ýyndamlygyny, syzgyrlygyny taryplaýar: 

 At gazanar goç ýigidiň 

 Owwal bedew aty gerek. 

 Ýigidiň bolmasa ýaragy, aty, 

 Şuny belli biliň, ýokdur gaýraty.



  Magtymguly Pyragynyň çuňňur terbiýeçilik ähmiýetine ýugrulan pelsepewi şygryýetinde bedew atlar ynsan häsiýetleriniň iň ýagşylarynyň mysaly hökmünde elmydama wepadarlygyň nyşany hökmünde taryp edilýär. XVIII asyrda ýaşap geçen başga bir nusgawy şahyrymyz Gurbanaly Magrupy bolsa  “Döwletýar” dessanynda: 

 Hak ezelde halk eýlemiş, 

 Bir ajaýyp zatdyr bedew. 

 Jennet Byragy diýmişler, 

 Ýalançyda atdyr bedew – 

diýmek bilen, bedewi Behişdiň Byragyna deňeýär. XIX asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň döredijiliginde hem ahalteke bedewlerimiziň türkmen durmuşyndaky ähmiýeti, gadyr-gymmaty hakda özboluşly şygyrlara duşmak bolýar. Nusgawy şahyrymyz Annagylyç Mätäji: 

 Toýda toýnakly başarmaz, ganat-u per bolmasa, 

 Gör saňa ýoldaş, merger, laçyn, kebuter bolmasa, 

 Beglere bermen seni, ýüz maýa, ýüz ýüz ner bolmasa, 

 Olaryň üstünde ýüki eşrepi ýa zer bolmasa, 

 Gymmat etsem bir göwünlä, müň tümen pully bedew – 

diýmek bilen, guşdan ýüwrük bedewleriň belli bahasynyň ýokdygyny nygtaýar. 

   Dogrudan-da, türkmen durmuşynda ahalteke bedewleri halk dabaralarynyň ählisinde toý-baýramlarda möhüm orun eýeläp, at çapyşygy, at üstündäki oýunlar geçirilipdir, owlaga çapylypdyr. Uly wakalaryň we baýramçylyklaryň ählisi 350 metrden 1000 metre çenli bolan aralyga at çapmak ýaryşlary bilen başlanypdyr.  

 Laçyn Halnepesowa. 

 Döwletmämmet Azady adyndaky 

 Arkadag şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.     

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655