Çagalaryň ýürek owazy — bagtyýarlyk mukamy



Täze taryhy eýýamda röwşen geljegimiziň eýeleri bolan çagalaryň sagdyn ösüp ulalmagy, giň dünýägaraýyşly, ylym-bilimli şahsyýetler bolup kemala gelmegi üçin belent maksatly işler durmuşa geçirilýär. Şunda çagalaryň arasynda geçirilýän birnäçe zehin hem döredijilik bäsleşikleri, aýdym-sazly dabaralar aýratyn ähmiýete eýedir. Ýakynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Çaga-durmuşyň bezegi» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasynyň geçirilmegi hem munuň nobatdaky subutnamasy boldy. 

Uly şatlyk-şowhuna beslenip geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyna Arkadag şäherindäki 9-njy çagalar bakja bagynyň körpeleri işjeň gatnaşdy. «Çaga-durmuşyň bezegi» diýlip atlandyrylan dabarada zehinli körpeler aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Mundan başga-da, körpeleriň ýerine ýetiren ajaýyp tanslarydyr okan goşgulary baýramçylyk çäresine aýratyn öwüşgin çaýdy. Bular bolsa eziz Diýarymyzyň bagtyýar çagalygyň mekanydygyny, Milli Liderimiziň döwletli başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilýändigini bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar. 

Ýaş nesilleriň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watançy, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda çagalaryň kämil ösüşini üpjün etjek gurşawyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Boş wagtlarynda sport ýa-da döredijilik bilen meşgullanýan çagalaryň ruhy kämillige ýetmäge mümkinçiligi artýar. Ýaşlaryň ruhy hem beden taýdan kämil bolmagy bolsa Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýadydyr. Munuň özi ýurdumyzy belent sepgitlere ýetirmek üçin çagalaryň ösüş ýolunda ähli şertleriň göz öňünde tutulmagy, olaryň boş wagtlaryny peýdaly we medeniýetli geçirmekleri bilen berk baglanyşykly bolup durýar. Çünki durmuşymyzyň gül-gunçalary, röwşen geljegimiziň eýeleri bolan çagalaryň bagtyýarlygyny üpjün etmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. 

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň nurana geljegi, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. 

Laçyn Halnepesowa, 

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655