Bagtyýar zamananyň bagtyýar nesilleri
Tomus pasly her bir
çaga üçin gyzykly möwsümleriň biridir. Sebäbi mekdep okuwçylary bu wagtda dynç
alşa çykmak bilen, ýurdumyzyň gözel künjeklerinde ýerleşýän birnäçe sagaldyş we
dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Şeýle hem bu ýerde olar
gözel tebigatyň goýnunda dynç alýarlar, täze dostlary edinýärler. Şunda
çagalaryň dynç alyş möwsüminiň has-da peýdaly geçirmeklerini gazanmak maksady
bilen geçirilýän kitap sergileridir wagyz-nesihat duşuşyklary aýratyn
bellenilmäge mynasypdyr.
Tomus möwsüminde çagalaryň dynç alşyny netijeli guramak
maksady bilen, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň agzybir
kitaphanaçylary bolup dürli sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan
çagalaryň arasynda birnäçe kitap sergilerini, çeper eserleri okamak boýunça
bäsleşikleri, wagyz-nesihat duşuşyklaryny yzygiderli geçirýäris. Ynha,
ýaňy-ýakynda, has dogrusy, 8-nji iýulda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag
şäher kitaphanasynyň guramagynda «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» atly
sagaldyş-dynç alyş merkezinde «Bagtyýar zamananyň bagtyýar nesilleri» ady bilen
dürli kitaplaryň sergisi gurnaldy. Şeýle hem bu ýerde wagtlaryny şadyýan geçirýän
çagalaryň arasynda okalan eserler boýunça gürrüňdeşlik, pikir alyşmalar
geçirildi.
Eziz Diýarymyz bagtyýar çagalygyň mekanydyr. Çünki
Türkmenistan Watanymyzda ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim almagy, ussat
hünärmenler bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle
duşuşyklaryň yzygiderli guralmagy bolsa çagalaryň wagtlaryny peýdaly
geçirmeklerine, dünýägaraýşyny giňeltmeklerine, kitaplar bilen dostlaşmaklaryna
uly itergi berýär.
Biz — kitaphanaçylara halal zähmet çekmäge, wagyz-nesihat
duşuşuklaryny geçirmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman
Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent
başlary aman bolsun, ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda durmuşa
geçirýän belent maksatly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Laçyn
HALNEPESOWA,
Döwletmämmet
Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.