Türkmeniň Milli buýsanjy we şöhraty bedewler.
Her bir halkyň uzak taryhyň dowamynda döreden özboluşly gymmatlyklary, Milli buýsançlary bolýar. Halkymyzyň pähim-paýhasynyň, ýiti zehininiň we baý taryhy tejribesiniň netijesi hökmünde döreden «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlarymyz, al-elwan halylarymyzdyr keçelerimiz, keşdeçilik sungatymyz, dutar-bagşyçylyk sungatymyz, zergärçilik sungatymyz, küştdepdi tans sungatymyz, toý däp-dessurlarymyz, türkmen alabaý itlerimiz... ýaly Milli baýlyklarymyz sanardan kändir. Şolaryň içinde iň şöhratlylarynyň biri-de ahal-teke bedewlerimizdir. Bu günki günde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hem-de Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde Milli buýsanjymyz we guwanjymyz bolan ahalteke bedewlerimiziň sarpasy barha beýgelip, bütin dünýäde ýaň salmagyna oňyn şert döredýär.
Türkmen halkynyň bedew ata bolan söýgüsi örän aňyrdan gaýdýar. «Ertir turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy», «Atym bar- ganatym bar», «Atdyr ýigidiň ganaty», «At-ýaryşda, är- söweşde», «At-ýigidiň ýoldaşy» diýen nakyllardyr atalar sözlerinden hem mälim bolşy ýaly, bedew atlar halkymyzyň geçmiş durmuşynyň iň bir aýrylmaz gymmatlyklarynyň biri bolupdyr. Halkymyzyň bu behişdi jandarlara bolan çyn söýgüsiniň we irginsiz yhlasynyň netijesinde bolsa baryp-ha gadymy grek taryhçylarynyň eserlerinde «asman atlary» diýlip taryplanan ahalteke bedewleri seýislenip ýetişdirildi. Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkünçilikleri netijesinde häzirki wagtda hem halk seçgiçileri we seýisler ahalteke bedewi ýaly ajaýyp sungaty döredip, arassa ganlylygyny saklamak bilen, olaryň kämilleşdirilmegini dowam etdirýärler. Gadymyýetden gözbaş alyp gelýän atşynaslyk ýörelgeleri asyrlar boýy nesilden-nesle geçirilip, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen, onuň taryhy ykbalyny kesgitlän ajaýyp mirasyna aýawly çemeleşmegiň şöhratly ýoly dowam etdirilýär.
Müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen her bir medeni gymmatlygymyz halkymyzyň Milli edebiýatynda öz beýanyny aýdypdyr. Ahalteke bedewlerimiz hem şol Milli gymmatlyklarymyzyň içinde iň naýbaşylarynyň biridir. Şonuň üçin-de türkmen edebiýatynyň ähli döwürlerinde hem behişdi bedewlerimiziň waspy belentden dabaralanýar. Muny ümmülmez halk döredijiligimiziň we baý nusgawy edebiýatymyzyň mysalynda hem görmek bolýar. Bu babatda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz «Ahal-teke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda: «At-türkmen üçin hemme zat. Bu geçmişde-de, şu günlerem şeýle. Ol barada müňlerçe nakyllar we atalar sözi döredildi, ol dilden aýdylýan ähli halk döredijiliginiň gahrymanyna öwrüldi» diýip ýazýar.
Şanyna dessanlar düzülip, atarmanlykda, çaparmanlykda ýakasyny tanadan Görogly beg öz Gyratyny: «Syrdaşym, başdaşym, ýaman günümde ýoldaşym!», «Saňa haýwan diýmerin, gardaş diýerin!» diýip söýgüläpdir. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy hem öz şygyrlarynda bedew atlaryň türkmen durmuşynda tutýan ornuny öwran-öwran nygtaýar, olaryň gözelligini, ýyndamlygyny, syzgyrlygyny taryplaýar:
At gazanar goç ýigidiň,
Owwal bedew aty gerek.
Ýigidiň bolmasa ýaragy, aty,
Şuny belli biliň, ýokdur gaýraty,
Magtymguly Pyragynyň çuňňur terbiýeçilik ähmiýetine ýugrulan pelsepewi şygryýetinde bedew atlar ynsan häsiýetleriniň iň ýagşylarynyň mysaly hökmünde elmydama mertligiň, adamkärçiligiň, asyllylygyň, wepadarlygyň nyşany hökmünde taryp edilýär. XVIII asyrda ýaşap geçen başga bir nusgawy şahyrymyz Gurbanaly Magrupy bolsa «Döwletýar» dessanynda:
Hak ezelde halk eýlemiş,
Bir ajaýyp zatdyr bedew.
Jennet Byragy diýmişler,
Ýalançyda atdyr bedew,
diýmek bilen, bedew atlarymyzy Behişdiň Byragyna deňeýär. XIX asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň döredijiliginde hem ahalteke bedewlerimiziň türkmen durmuşyndaky ähmiýeti, gadyr-gymmaty hakda özboluşly şygyrlara duşmak bolýar. Özboluşly nusgawy şahyrymyz Annagylyç Mätäji:
Toýda toýnakly başarmaz, ganat-u per bolmasa,
Gör saňa ýoldaş, meger, laçyn, kebuter bolmasa,
Beglere bermen seni, ýüz maýa, ýüz ýüz ner bolmasa,
Olaryň üstünde ýüki eşrepi ýa zer bolmasa,
Gymmat etsem bir göwünlä, müň tümen pully bedew,
diýmek bilen, guşdan ýüwrük bedewleriň belli bahasynyň ýokdugyny nygtaýar. Dogrudan-da, türkmen durmuşynda ahalteke bedewleri halk dabaralarynyň ählisinde toý-baýramlarda möhüm orun eýeläp, at çapyşygy, at üstündäki oýunlar geçirilipdir, owlaga çapylypdyr. Uly wakalaryň we baýramçylyklaryň ählisi 250 metrden 1000 metre çenli bolan aralyga at çapmak ýaryşlary bilen başlanypdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kökleri müňýyllyklara uzaýan Milli atşynaslyk däplerimiz dowamata atarylýar. Her ýylyň Aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň Milli baýramy uly dabara bilen bellenilyär. Ahal-teke bedewlerimiziň dünýädäki şanyny artdyrmak hem-de giňden wagyz etmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleri Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlik dowam etdirilýär. Bu hakykaty ýurdumyzda Milli bedew baýramynyň ýylyň-ýylyna döwlet derejesinde uly şatlyk-şowhun, dabara bilen bellenilýändiginden hem görmek bolýar. Behişdi bedewlerimiziň şanyna Watanymyzda yzygiderli täze sungat we binagärlik eserleri döredilýär. Ýakyn taryhymyzda hem Arkadag şäherimiziň iň bir gözel künjekleriniň birinde Milli buýsanjymyza öwrülip, türkmeniň adyny dünýä ýaýan Akhanyň ägirt heýkeli oturdyldy. Bu bolsa Milli Liderimiziň hem-de Hormatly Prezidentimiziň ahalteke bedewlerimize goýýan belent sarpasyndan nyşandyr.
Halkymyzyň Milli gymmatlyklaryna belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, durmuşa geçirýän beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Laçyn Halnepesowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.