Ilkinji kitaplar
Adam nämedir bir zatlary döretmäge hemişe jan edýärdi: ol suratlary we heýkelleri döredýärdi, köşkleri we ybadathanalary gurýardy. Emma adam üçin öz pikirleri iň gymmatly bir zat bolup durýardy. Olary geljekki öz nesilleri üçin saklamak we ýetirmek isleýärdi. Şonuň üçin adamlar kitaplary oýlap tapdylar. Ilkinji kitaplar-bu bäş müň ýyl öň Mesopotamiýada ýüze çykan palçykdan tablisalar.
Gadymy şumerler m.ö. 3500 ýyldan bäri palçykdan kerpiçleri we tablisalary guýup, olaryň ýüzüne özleriniň kitaplarynyň we beýleki resminamalarynyň tekstlerini şinehat bilen owunjak edip ýazyp, soň olary otda bişirip, kitap hökmünde ulanyp gelipdirler.
Käbir “kitaplar” birnäçe “sahypalardan” ybaratdy–bir ölçegli birnäçe toýun tablisalar. Her tablisada sahypa nomeri goýulýardy hem kitabyň ady ýazylýardy. Kitaphanalarda “kitaplar” bilim pudaklary boýunça saklanýardy. Gerek kitaby tapmak üçin “kataloglara” ýüzlenýärdiler, olarda kitabyň ady, tablisada setirleriň sany, haýsy jaýda we polkada ýerleşýändigini görkezilýärdi. Bir kitabyň tablisalary aýratyn agaç gutularda saklanýardy.