Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri ХV jilt

    Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşly döwründe Hormatly Arkadagymyz Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy esasynda ýurdumyzda adam saglygyna uly üns berilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hormatly Arkadagymyz Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň ХV-nji jildi Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň öň syrasynda çapdan çykdy. Şu nukdaý nazardan hem Mähriban Arkadagymyz “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ХV jiltden ybarat bolan kitabyny ýazyp öz il-halkyna sowgat berdi. Kitapda elipbiý tertibinde, mukaddes türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleriň adam saglygyna edýän peýdasy, dermanlyk ösümlikleri haýsy wagtda ýygnamalydygyny, ony nähili ýagdaýda guratmalydygy hakynda, ylmy maglumatlaryň üsti bilen beýan edilýär. Şeýle hem kitapda dermanlyk ösümlikler barada halk döredijiligi bolan aýdymlardan, rowaýatlardan, nakyllardan, atalar sözlerinden mysallar getirilýär. 2009-njy ýylyň sentýabr aýynda Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň birinji tomy Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilen 22-nji halkara forumynda “Ensiklopediýanyň pikiriniň çuňňurlygy we ylmy-barlag derejesiniň ýokarydygy üçin” diýen diploma mynasyp bolýar. Bu kitap üç dilde – türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edildi. Kitap daşary ýurtly millionlarça okyjylara, adamzat siwilizasiýasynyň gazananlaryna, şol sanda lukmançylyk babatynda uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesi we däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkünçilik berýär. 

    Bu mukaddes kitap diňe hünärmenleriň, lukmanlaryň ýan kitabyna öwrülmän, eýsem biziň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden meşhurlyga eýe boldy. Türkmenistanda ösýän ýüzlerçe dermanlyk ösümlikler, olaryň bejerijilik häsiýetleri hakyndaky maglumatlary umumylaşdyrýan, köp dürli keselleri bejermek üçin melhem serişdelerini taýýarlamagy özünde jemleýän neşir Gahryman Arkadagymyzyň köpýyllyk ylmy-barlag işiniň netijesidir. Bu fundamental iş bilen tanyşmak türkmen topragyna tebigatyň jomartlyk bilen eçilen baýlyklary hakynda has doly düşünje almaga mümkünçilik berýär. Asyrlaryň dowamynda jemlenen we nesilden-nesle geçirilip gelinýän halk tebipleriniň tejribesi häzirki wagtda ylymda giňden talap edilýär. Kitapda bellenilişi ýaly, “Häzirki zaman tehnologiýalary bilen pederlerimiziň lukmançylyk tejribeleriniň sazlaşykly ýörelgeleri ýurdumyzyň lukmançylyk senagatyny ösdürmegiň esasyny düzýär”. Bu tomluk neşir ýaş hünärmen-lukmanlary taýýarlamakda möhüm orun eýeleýär we ýerli çig maldan ýokary netijeli derman serişdelerini taýýarlamagy maksat edinýän Türkmenistanyň farmasewtika ylmyny we senagatyny mundan beýläk-de ösdürmäge badalga berýär. Tebigatymyzyň bize eçilen haýran galdyryjy dermanlyk ösümlikleri, näsaglary bejermekde, meşhur alymlaryň we lukmanlaryň, halk tebipleriniň tejribesinden döräp, asyrlardan-asyr aşyp, ata-babalarymyz deňi-taýy bolmadyk baý mirasy bize galdyrypdyrlar. Şunuň ýaly baý tejribäniň türkmen halkymyza mahsus bolan, aýratyn zehiniň we bereketli ene topragy özleşdirmegiň hötdesinden gelmegi hem-de ony ýüregi bilen duýmagy başarýan halkymyzyň ussatlygynyň netijesinde kemala gelendigi mälimdir. Biziň ata-babalarymyz ilkinji nobatda “tebigy dermanhana” hasaplanan dermanlyk ösümliklere ýüzlenipdirler. Olar tebigatyň güýji bilen agaçlardan we otlardan bölünip çykýan peýdaly maddalardan peýdalanypdyrlar Adamlar pişik, it ýaly öý haýwanlarynyň ösümlikleri iýip, hassalykdan sagalýandyklaryny görüpdirler. Awçylar ýaraly jerenleriň ýerli ilata gan togtadyjy serişde hökmünde belli bolan gyzyl myhaklary iýýändiklerini synlapdyrlar. Taryhy sahypalara ser salanymyzda biziň ata-babalarymyz ösümlikleriň organiki dünýä bilen organiki däl dünýäniň arasynda sazlaşygy ýerine ýetirýändigini duýupdyrlar we kesgitlemegi başarypdyrlar. Häzirki döwürde köp sanly dermanlyk ösümlikleriň bejeriş häsiýeti we mümkünçiligi lukmançylykda ylmy taýdan tassyk edilendir. Himiýanyň örän çalt depgin bilen ösýändigine we aglaba dermanlaryň himiki usul boýunça taýýarlanýandygyna garamazdan, häzirem dermanlyk ösümliklere bolan gyzyklanma peselmeýär. Häli-häzirlerem ähli bejeriji serişdeleriň ýarysyna golaýy dermanlyk ösümliklerden ýasalýar. Olaryň käbiri bolsa köp keselleri bejermekde ýeke-täk serişde bolup hyzmat edýär. Bu elbetde tebigydyr, sebäbi adam islendik janly organizm ýaly ösümlik dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr we biologik taýdan oňa has ýakyndyr. Ösümlikler öz ösüşiniň belli bir döwründe işjeň maddalary köp toplaýar we şonda olaryň dermanlyk häsiýeti ýokary bolýar. Dermanlyk ösümlikleriň taýýarlanylýan mahaly, esasan hem olaryň ter bölekleriniň guradylýan wagty ýüze çykýan fermentatiw prosesleri göz öňünde tutmak zerurdyr. Derman serişdeleri, hatda olardan jöwherler we pet taýýarlanylanda hem belli bilim endikleri zerurdyr. Islendik derman ösümligini maslahat bermek bilen, lukman, ilkinji nobatda, botanikadan, derman senagaty himiýasyndan, farmakologiýadan bilimlere eýe bolmalydyr. Türkmenistanda ösýän we halk lukmançylygynda ulanylýan 2 müňe golaý dermanlyk ösümlikleriň diňe 100-den gowragy ylmy medisina tarapyndan ulanylmaga rugsat edilendir. 1999-njy ýylda Türkmenistanda dermanlyk serişdeleriniň milli instituty döredildi we onuň üstüne ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümliklerini çuňňur öwrenmek, şonuň esasynda olardan dermanlyk serişdelerini taýýarlamak mümkünçiligi ýüklenildi. Atgulak - Türkmenistanyň ähli künjeklerinde duş gelýän ösümlikdir. Dünýäde bu dermanlyk ösümligiň 270 görnüşi bolup, olardan 10-sy Türkmenistanda gabat gelýär. Il arasynda bu ösümlige “bälguşa” we “ýaradert” diýip hem aýdýarlar. Atgulak düzlükleriň we daglaryň çygly ýerlerinde, çeşmeleriň golaýlarynda, derýajyklaryň we ýaplaryň boýlarynda ösýär. Lukmançylykda ösümligiň ýapragy we tämiz oty dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýär. Atgulagyň şiresi we ýapragy ýörite gaplanan görnüşinde dermanhanalarymyza gelip gowuşýar. Atgulak irki zamanlardan bäri dermanlyk maksatlary üçin peýdalanyp gelinýän ösümlikdir. Ösümlik barasyndaky ilkinji maglumatlary Abu Aly ibn Sinanyň dünýä belli “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” atly kitabynda atgulagyň ýapragyny gany togtatmaklykda, örgünli gijilewük keseli bilen kesellänleri bejermekde peýdalydygy aýdylýar. Ösümligiň ýapragy, köki we tohumy bagyrdaky, böwrekdäki hem peşew haltasyndaky dykyn almalary açýar diýip bellenýär.  Hytaý lukmançylygynda – böwrek, gyzgyny peseldiji, respirator ýokanjynda, peşew çykarýan ýollaryň sökelliklerinde hem konýunktiwitde peýdalanylýar. Täjigistanda – gonoreýada
ulanylýar. Sibirde (süýtde taýýarlanylan petini) – böwrek keselinde we respirator infeksiýasynda; tozuny – ýarany çalt bitiriji hökmünde neplenýär. Kawkazda (tämiz oty we şerbeti) – diş agyryda ulanýarlar. Kökünden hem ýapragyndan taýýarlanan dermanlyk petidir şiresi – gastritde, kolitde, enterokolitde peýdalanylýar. Gomeopatiýada – otundan taýýarlanylan şiresi we essensiýasy tahikardiýada, poliuriýada, jynsy gowşaklykda, kelle we gulak agyrysynda; çalgy görnüşinde sowuklamanyň garşysyna hem ýarany bitiriji deregine ulanmak bolýar. Tibet, hytaý, mongol we koreý lukmançylygynda atgulagyň täze oty, şiresi hem dermanlyk jöwheri – ýarany çalt bitiriji serişde, aşgazan-içege kesellerinde, diareýada, enteritde, pnewmoniýada, öýken inçe keselinde, bronhitde, plewritde, nefritde, jynsy gowşaklykda, burun ganamasynda ulanylýar; ary baly bilen garylan şiresini – çagalaryň dizuriýa sökelliginde diuretik deregine peýdalanylýar. Atgulagyň ýapraklary ýara bitiriji we gan akmalary togtadyjy serişde hökmünde ulanylýar. Germaniýada atgulagyň ýapragyny owradyp, dem alyş ýollary sowuklanda, çaý içilişi ýaly demläp içilýär. Gadymy grekler we rimliler atgulagyň tohumyny içgeçmelerde, aşgazanyň, içegäniň sowuklama kesellerinde şypa höküminde ulanypdyrlar. Häzirki döwürde dermanlyk ösümlikleriň 27 sanysy Türkmenistanyň gyzyl kitabyna girizildi. 
Şu pursatdan peýdalanyp biz hem kitaphana işgärleri bolup Hormatly Arkadagymyza Milli Lidermize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza biz üçin
ýagny halkymyz üçin sowgat berýän kitaplarynyň höwriniň köp
bolmagyny, janlarynyň sag bolmagyny alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýurekden arzuw edýäris.


Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher Kitaphanasynyň usulçysy Amangözel Gurbandurdyýewa

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
(12) 571655