Änew şäheri Türki dünýäsiniň medeni paýtagty.
Türkmen halkynyň örän gadymy we baý taryhy-medeni mirasa eýe bolandygynyň köp sanly subutnamalary ýüze çykarylan Änew şäheri “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi ähli halkymyz üçin buýsandyryjy waka boldy. Türkmenistanyň bu babatdaky teklibiniň goldanylmagy taryhy we kökleri umumy bolan goňşy we doganlyk halklarynyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde ýurdumyzyň has ynamdar hyzmatdaşlygynyň ykrarnamasydyr. Änew şäheri diňe bir türkmen taryhynyň şöhratly geçmişi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, külli türki älemi üçin-de aýratyn ähmiýete eýedir. Änew-her bir daşyň öz taryhyny aýdýan ajaýyp ýer. Gadymy ilatly ýerler bu şäheri hakyky taryhy ýadygärlige öwürip, gadymy ýaşaýjylarynyň gülläp ösen medeniýetine we ussatlygyna şaýatlyk edýär. Häzirki Änew diňe bir geçmişe göz aýlaman eýsem çalt ösýän özgerýän şäher Döwrebap jaýlar, mekdepler, çagalar baglary, sport mekdepleri bularyň hemmesi raýatlaryň rahat durmuşyna we ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün edýär. 2017-nji ýylda şäherde ak öýüň goşulmagy bilen aýratyn üns çekiji boldy. Indi açyk asmanyň astynda Änewde özboluşly şowhun döredýän, konsertlerden we dabaralardan lezzet alyp bolýar. Indi bolsa, 2024-nji ýyl, Änewiň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde saýlanan ýyly boldy. Baýramçylyklar, sergiler, konsertler-bularyň hemmesi Änewiň medeni mirasyny we häzirki zaman üstünliklerini görkezmäge ýörüteleşdirilendir. Emma hossarsyz taryh näme? Ak Bugdaý muzeýi “ak bugdaý” Änewiň baý mirasyny gorap, gadymy eserler we açyşlar üçin öý bolup hyzmat edýär. 7000 ýyldan gowrak wagt bäri bu şäheriň taryhy syrlar we ylhamlar bilen dokalýar. 1904-nji ýylda Amerikaly arheolog Rafael Pompelli Änewi Türkmenistanyň günorta çöllerinde gadymy oturymly ýerleri açyp, gadymy medeniýet dünýäsine gapy açdy. Rafael Pompelli tarapyndan 19-njy asyrda açylan ak bugdaý bugdaý ösdürip ýetişdirmegiň we çörek bişirilişiniň adamzat taryhynda ilkinji subutnamasy boldy. Änew şäheri Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolup, ol paýtagt Aşgabatdan 8 kilometr gündogarda ýerleşýär. Arheologik maglumatlar Änew şäheriniň eneolit döwründe biziň eramyzdan öňki IV-III müňýyllyklarda peýda bolandygyna şaýatlyk edýär. 2005-nji ýylda Änew ençeme gadymy tapyndylary özünde jemleýän «Ak bugdaý» Milli muzeýi döredildi. Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylda Azerbaýjanyň Şuşa şäheri Türki dünýäniň medeni paýtagty boldy. Änewden ozal Türkmenistanyň şäherleriniň arasynda Mary şäheri 2015-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýen derejä eýe bolupdy. Ajaýyp döwürde, bagtyýar durmuşda ýaşamagymyz üçin ähli şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, amala aşyrýan döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!