«Kitaphanalar — paýhas öýi»

  Halkymyzyň arasynda ylym-bilim, hünär öwrenmek bilen birlikde kitaba aýratyn uly hormat-sarpa goýulýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň kitaphana ulgamy barha kämilleşdirilýär. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, olary kämil şahsyýetler edip ýetişdirmekde uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, kitaplar geçmişde ýaşan ata-babalarymyzyň taryhy paýhaslaryny, tejribelerini, häzirki döwürde gazanylan üstünlikleri we olara eltýän ýollary özünde saklap, okyjylara dogry ýola gönükdiriji sapak berýärler. 

  Täze taryhy döwrümizde kitaphana ulgamynyň döwrüň talabyna laýyk ýola goýulmagy, oňa sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, okyjylara ýokary hilli kitaphana hyzmatlarynyň hödürlenilmegi halkymyzyň aň-bilim, medeni derejesini ýokarlandyrmakda möhüm orna eýedir. Şeýle hem döwrebap kitaphanalaryň çäginde asman jisimlerini ylmy esasda öwrenmäge niýetlenen obserwatoriýalaryň gurulmagy olaryň ähmiýetini has-da artdyrýar. Kitaphanalaryň gelim-gidimli ýerleriň birine öwrülmegi bolsa halkymyzyň kitaplara bolan söýgüsiniň näderejede uludygyndan habar berýär. 

  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Karary bilen «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň milli kitaphana ulgamyny ösdürmekde saldamly işleriň alnyp barylýandygyny alamatlandyrýar. «Medeniýet hakynda», «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna   laýyklykda taýýarlanan bu Maksatnamanyň işjeň durmuşa geçirilmegi kitaphanaçylyk işiniň dünýä ülňülerinden, milli ýörelgelerimizden ugur alnyp has-da kämilleşdirilmeginde möhüm ädimdir. Şunda sebitde deňi-taýy bolmadyk gözel şäherde ýerleşýän Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda alnyp barylýan işler aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Bu ýer kitaplaryň baý gory bilen tapawutlanyp, çagalaryň hem-de ýaşlaryň okamaklary, öwrenmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. 

  Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar-Watanyň daýanjy» atly gymmatly eserinde kitap okamagyň peýdasy hakynda şeýle diýilýär: «Biziň halkymyz kitaphon halk. Kitap okalyp, onuň mazmuny köpçülige ýetirilensoň, ol ruhy baýlyga öwrülýär. Kitapdan okalan, öwrenilen gymmatly bilimler hem terbiýäniň üsti bilen geljekki ýaşlara geçirilýär». Dogrudan-da, bilim bilen terbiýe bir bitewülige eýe bolup, bahasyz baýlyga, ruhy gymmatlyga öwrülýär. Şonuň üçin hem ýaş nesillerimizi milli ýörelgelerimiz esasynda terbiýelemekde olary kitap okamaga höweslendirmek zerurlygy ýüze çykýar. Hut şu jähetden hem, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzda çagalaryň okalga zaly hereket edýär. Bu ýerde okyjylaryň rahat kitap okamagyna uly şertler döredilip, olaryň ýaşyna laýyklykda dürli görnüşli kitaplar bar. Gyzykly ertekilerdir çagalar üçin ýazylan powestleriň owadan, täsirli suratlar bilen bezelmegi körpeleriň ünsüni özüne çekýär hem-de olary kitap okamaga höweslendirýär. Biz-kitaphana işgärleri bu ýere okamaga gelýän höwesli çagalara olary gyzyklandyrjak kitaplary saýlap berýäris hem-de okan kitaplary boýunça gürrüňdeşlik geçirýäris. Döwrebap kitaphanamyza başlangyç synp mekdep okuwçylary bilen birlikde çagalar baglaryndan hem körpejeleriň kitap okamaga gelmegi bizi has-da buýsandyrýar. 

  Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzyň agzybir işgärleri bolup çagalaryň hem-de ýaşlaryň arasynda birnäçe çäreleri hem-de bäsleşikleri geçirýäris. Şeýle çäreleriň geçirilmegi ösüp gelýän ýaş nesilleri kitap okamaga höweslendirmäge uly ýardam berýär. Çagany ýaşlykdan haýsy ugra gönükdirseň, ol ulalanda hem şoňa ýykgyn edýär. Şonuň üçin-de çagalary kiçilikden kitap okamaga höweslendirsek, geljekde olaryň kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegine uly goşant goşdugymyz bolar. Biziň kitaphanamyzda ýerleşýän çagalaryň okalga zaly hem körpeleri başlangyç bilimleri öwredýän kitaplar bilen tanyşdyryp, olary aýdyň ýola atarýar. Çeper eserlerdir gyzykly ertekiler olaryň dünýägaraýşynyň giňemegine, agy-garany saýgarmagyna kömek edýär. Sebäbi dana sözleriň birinde aýdylyşy ýaly, dünýäde kitap deýin mährem dost ýokdur. 

  Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň nusgalyk kitaplary hem biz üçin gymmatly çeşmedir. Olar ýaş nesilleri watançylyk, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde uly orna mynasypdyr. Şonuň üçin hem bu kitaplar ýaşlaryň ýankitabyna öwrüldi. Sebäbi Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň gymmatly kitaplarynda şöhratly taryhymyz, türkmençilik ýörelgelerimiz ör-boýuna galýar. Olarda berilýän gyzykly maglumatlar bolsa her bir okyjyny täsin dünýä alyp gidýär, dünýägaraýşyny giňeldýär. 

  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda kitaphanaçylyk işine hem sanly ulgamy ornaşdyrmak belent depginde alnyp barylýar. Bu bolsa okyjylara islendik kitabyň elýeterli bolmagyna hem-de gerekli eserleri çalt tapmaga mümkinçilik berýär. Nusgawy şahyrymyzyň adyny uly buýsanç bilen göterýän Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzda hem elektron kitaphana ulgamy döredilip, bu ýerde dürli kitaplary we gündelik metbugat neşirleri elektron görnüşinde okamak bolýar. Şonuň üçin hem kitaphanamyza gelýän ýaş okyjylaryň esasy bölegi elektron neşirlerden giňden peýdalanýarlar. Munuň özi ýaşlaryň innowasion tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş alyp çykmagynda has-da ähmiýetlidir. 

  Umuman, «akylly şäher» konsepsiýasyna laýyklykda gurlup ulanylmaga berlen döwrebap Arkadag şäherinde ýerleşýän ajaýyp kitaphana her bir adama giň gujak açýar. Bu ýerde döredilen şert-mümkinçilikleriň ählisi ýaş nesillerimiziň ylym-bilimli, ussat hünärmenler bolup ýetişmegi üçin döwlet derejesinde edilýän aladanyň aýdyň mysalydyr. Çünki döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir. 

  Biz-kitaphana işgärlerine halal zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz bimöçberdir. Goý, ylym-bilimli ýaşlary kemala getirmekde belent maksatly işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun! 

  Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy: Halnepesowa Laçyn.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655