Berkarar
döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşly döwründe ýaşaýarys. Türkmen halkymyzyň
milli egin-eşikleri, mertebeli lybaslary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden
alyp gaýdýanlygy taryhy, edebiýat ýazuw çeşmelerinde bellenilýär. Pederlerimiz
has irki döwürlerde egin-eşikleri örtünmek, bürenmek ýagny sowukdan, yssydan,
ýel-ýagmyrdan goranmak maksatlary bilen geýen, atynan, bürenen bolsalar wagtyň
geçmegi bilen asyrdan asyra, nesilden-nesle geçip has kamilleşip goranmagyň
üstüne bezenmek maksatlary hem goşulýar. Gadymy gelin-gyzlarymyz milli egin-eşiklerimiziň
ähli görnüşleriniň matasyny elde dokap, elde keşdeläp, elde hem tikipdirler.
Irki döwürde türkmenlerde gyz, gelin maşgala başy açyk gezmeklik aýyp
hasaplanypdyr. Gyz çagalara eýýäm 8-9 ýaşyndan başlaryna tahýa geýdirilipdir
gelinlik döwründen başlap ahyrky ýaşlaryna çenli bolsa nagyşlanyp, keşdelenen
başatgyçlaryň dürli görnüşleri atynylypdyr.
Ene-mamalarymyzdan miras galan çeper keşdelenen egin-eşikleriň arasynda
zenan başatgyçlary bolan çyrpylar we kürteler çeperçilik taýdan iň kämil we
owadan onümlerdir. Türkmen milliliginiň buýsanjy bolan çyrpylar özüniň
gaýtalanmaz gözelligi bilen görenleri haýran edýär.
Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň
hemişelik sergi zalynda we muzeýiň maddy medeniýet gaznasynda milli egin
eşiklere degişli bolan zenan başatgyçlarynyň dürli görnüşleriniň uly toplumy
goralyp saklanýar. Üstünden ençeme ýyllar geçendigine garamazdan kürtedir,
çyrpylara salynan nagyşlaryň reňklerini synlap, olaryň şinnem täze ýaly öwşün
atyp durandygyny görýäris. Bu ajaýyp keşdeleriň nepisligini synladygyňça
synlasyň gelýär. Bu başatgyçlara salnan nepis nagyşlarda ene-mamalarymyzyň
keşdeçiligi gyzlaryna kiçiliginden öwredilip, olaryň uly gyz çykýança öz işiniň
ussady bolup ýetişendikleri aýdyň görünýär.
Zenanlaryň
toýdur-baýramlarda başlaryna atynan çyrpylary biçilşi, tikilşi boýunça meňzeş
bolsada olar reňkleri, nagyşlary, geýniş düzgünleri boýunça biri-birinden
tapawutlanypdyr. Ýaşyl, sary çyrpylar elde dokalan gyrasarysyz ýüpek keteniden
ýanly biçüwde biçilip tikilipdir. Kürteleriň donlaryňky ýaly hakyky ýeňleri
bolan bolsa çyrpylara bir gatly uzyn inçe “ýalan” ýeň tikilipdir. Ýeňine inçe
uzyn ýeňsapy tutulypdyr. Olaryň eteklerine ýeňlerine gyzyl we gara seçekli inli
ýa-da insiz dokalan zolak tutulypdyr. Soňkyrak tikilen çyrpylar has kämilleşip
seçekleriniň ujy sary, ak reňk bilen
pürçüklenipdir. Çyrpylar ownuk gülli nah
matalar bilen içliklenipdir. Ak çyrpylar bolsa ýeňiljek ak ýüpek matalardan tikilip,
ak nah mata bilen içliklenipdir. Başgabyň üstünden atynylan dürli reňkli
ýüpekler bilen nagyşlanan çyrpy türkmen zenanyny her hili zatlardan goraýan
ýapynja bolup hyzmat edipdir. Ýaşyl çyrpy ýaş gelinleriň başatgyjy bolup ol
boýdan başa boş ýer goýulman aýratyn owadan nagyşlanypdyr. Bu ýapynjanyň
ýerligi ýaz paslynyň gülli
gülälekli meýdanyny ýadyňa salyp
“çigildem”, “çopantelpek” başgada birnäçe şuňa meňzeş nagyşlary bilen
doldurylypdyr. Çyrpylaryň ýeňi “tazyguýruk” ýeňsapysy “ak suňşuk” nagyşlary
bilen nagyşlanypdyr. Bu nagyşlaryň bolsa maşgala agzybirligini, örňemegi
aňladýan manysy bolupdyr.
Orta ýaşly zenanlarymyz miweliriň bişýän,
hasyl berýän wagtyny aňladýan güýz paslyna meňzedilip sary reňkli ýapynjany,
sary çyrpýny atynypdyrlar. Bu çyrpy ýeňil bolar ýaly seýrek hem-de ýuka
nagyşlanypdyr, seýrekligine garamazdan bu nagyşlar örän owadan hem gelşikli
keşdelenipdir.
Ak çyrpylara
esasy “çynar ýaprak”, “daragt” nagyşlary keşdelenip durmuş daragtyny
alamatlandyrypdyr. Onuň şahalarynyň çar tarapa ýaýrap gitmegi bolsa agzybir
maşgalanyň beýany bolupdyr. Çyrpyny taýýarlamak işi “iňňe bilen guýy gazan
ýaly” diýilşi ýaly örän köp zähmeti
talap edipdir. Garry enelerimiziň aýtmagyna görä bir ýaşyl çyrpyny keşdelemek işi ka
halatlarda bir ýyla golaý wagt alypdyr. Ajaýyp türkmen şahyry Mämmetweli
Keminäniň “Meniň dilim, seniň eliň hünäri” nusga bolup galsyn ilden- illere
diýişi ýaly, bu keşdeler sungat derejesine göterilip görküne dünýäni bendi
edip, köz ýaly köreýän, gün ýaly şöhle saçýan, nurana aý ýaly şugla saçýan
nagyşlary nesillere asyrlara nusga bolup galypdyr. Olar gözleriň garasy ýaly
aýawly saklanylyp, biziň günlerimize gelip ýetdi we häzirki wagtda muzeý
gymmatlyklaryna öwrüldi. Berkarar Döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşly
döwründe gadymy egin-eşiklerimiziň asyl nusgalary gün-günden kämilleşip,
döwrebaplaşdyrylyp, milli öwüşginlere
beslenýär.
Muzeý gaznalarynda goralyp
saklanylýan çeper keşdelenen çyrpylaryň asyl nusgalary wagtal-wagtal müzeýde gurnalýan wagtlaýyn
sergilerde şeýle-de mekdeplerde, ýokary okuw jaylarynda gurnalýan göçme
sergilerde sergilenip ýurdumyzyň ösüp gelýän ýaş nesillerini gadymy egin
eşikleriň asyl nusgalary bilen giňişleýin tanyşdyrylýar. Halkymyzyň taryhyny,
milli mirasyny, maddy gymmatlyklarymyzy geljekki nesillerimiz üçin gorap
saklamaga mümkinçilikleri doredip berýän
Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza kop sagbolsun aýdýarys, janlary sag ömürleri
uzak bolsun.