Döwletmämmet Azadynyň adyny göterýän paýhas ojagy barada doly maglumat

 Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň edara ediş-dolandyryş we beyleki binalary Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 8-nji noýabrynda çykaranT487 belgili kararyna laýyklykda guruldy, gurluşygyň taslamasy esasynda kitaphana birbada 600 okyjyny kabul etmäge we 3 mln neşir birligini saklamaga niýetlenen, kitaphana häzirki zaman innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, bu ýerde elektron katalog ulgamy hereket edýär, kitaphanada Obserwartoriýa bar, onuň düzüminde ýerleşdirilen kämil Teleskop arkaly asman jisimlerini synlamak mümkinçiligi döredilen.

  Türkmenistanyň Mejlisiniň 2023-nji ýylyň 18-nji martynda çykaran 546-VI belgili Kararyna layyklykda, Arkadag şäher kitaphanasyna türkmen halkynyň nusgawy akyldar şahyry, meşhur «Wagzy-Azat» eserini döreden Döwletmämmet Azadynyň ady dakyldy we kitaphana "Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy" diýlip atlandyryldy.

Kitaphananyň ýerleşýän ýeri we hukuk salgysy: Arkadag şäheriniň Keýmir Kör şayolunyň 5-nji jaýy.

  Kitaphana okamaga gelýänler üçin dürli ugurly okyjy zallary hödürleyär, olardan: Syýasy-jemgyyetçilik edebiýatlarynyň zalyny, Sungat zalyny, Oba- hojalyk edebiýatlarynyň zalyny, Çagalar üçin okalga zalyny, milli däp-dessurlarymyza laýyklykda bezelen Yaşulular üçin okalgany we beylekileri görkezmek bolar.
  Kitaphana hasabynda duran kitap gaznasynyň esasynda okyjylaryň giň köpçüligine kitaphana, habar beriş hyzmatyny amala aşyrmagy guraýar. Kitaphana hünarmenleri üçin kitaphana, bibliografıýa we usuly hyzmatlarynyň yörite görnüşlerini bellenilen tertipde guraýar, kitaphana okyjylaryňrli toparlary üçin aýratyn kataloglary, maglumat we habar beriş kartotekalaryny ýöredýär, olara niyetlenilen usuly gollanmalary, düşündiriş we wagyz ediş çärelerini guraýar. Kitaphana rayatlarda okayyş medeniýetini terbiýelemek, kitap gaznasynyň ähli görnüşi boýunça okyjylara kitap berlişini üpjün etmek, täze çapdan çykýan neşirler bilen kitap gaznasynyň üstüni yetirmek boyunça bellenilen çäreleri durmuşa geçirýär, kitaphana, habar beriş,
bibliografı
ýa we usuly işlerini bellenilen düzgünlere esaslanyp ýola goýýar.

 Kitaphana ýerli şertlere görä, okyjylaryň dürli toparlaryna kitaphana hyzmatyny köpçülikleýin, toparlaýyn we ýekebara usullarda ýola goýýar. Kitaphana şäheriň jemgyýetçilik edaralarynyň ilkinji guramalaryna, pudak edaralaryna, bilim-terbiýeçilik we beýleki döwlet edaralaryna medeni-köpçülik işlerini guramak boýunça kömek bermek maksady bilen, olaryň maksatlaýyn işini ýerine ýetirge öz mümkinçiliklerine bagly bolan şertlerde ýardam beryär.













Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655